Title : Ykbal (1-nji tom)
Format : ebook
Pages : 379 pages
Publisher : Hydyr Derýaýew
Language : Turkmen

“Bagtly durmuşy gözel görnüşi umyt edip alys ýollara ugran Murgap özüniň gözbaşyndan birnäçe ýüz kilometr uzaklyga çekilenden soňra bir belentlik meýdana duş gelýär Ol özüniň güýç kuwwatyna buýsanýan mele suwy bilen bu ýerde hem bökdenmän uçurymly gaýalary ýaryp ýene demirgazyk tarapa ýönelýärYnha şu berk gaýaly uçurymly ýeriň ýele ýanyndan birnäçe ýyllar mundan ozal bir köpri salnypdyr Dört tarapdan gelýän ýol bolsa şol köpriniň üstünde birigip ýene her haýsy öz ugruna nämälim uzak ýerlere ýylan ýaly egrem bugram bolup suwlup gidýärdi Bu ýollaryň birisi gözýetimden obanyň ýeňsesini syryp geçýän gyrasy hellewläp duran beýik beýik daragtly nobur bilen uzak ýerlerden bäri deň kowalaşyp gelýän bolsa da ahyry ondan aýrylyp ýaňky köprä tarap öwrülýärdi Şol noburdan öwrülen ýerinden bäri bolsa ol ýol az kem daýhançylyk hem maldarçylyk edip oturan obanyň ortasy bilen onda munda ýap salmalaryň gyrasynda bitip oturan agaçlaryň arasyndan geçip göni köprä tarap uzalyp gelýärdi”